- etlek
- Eti köp, eti doly, semiz, gurgun, ýogyn.∙ Etlek boýnuny kynlyk bilen yzyna bakan towlap, kimedir, näme hakdadyr tabşyryk berýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Çekgeleri etlek ýasawulbaşy hökümdaryň öňünde peýda boldy. (B. Seýtäkow, Gyz Salgydy)∙ Ol päkize syrylgy etlek kellesin-de üç-dört gezek suw degirdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Olaryň biri etlek hem süňklek daýaw ýigit. (N. Pomma, Egri Eýikmez)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem etlek - etlegi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.